Surat

Öňe düşeniň paýy

Adam aýtdy:

"Iki-ýeke adam zeýrenýär, käbiri: ’Öňe düşýän, partiýa döretjek bolýanam ýok, ýogsa halk yzyna düşjek’ diýýär. Men birini bilýärin: professordy, partiýa döretdi, ilki kärdeşleri ýüz öwürdi, generalyň gyzy diýýärdiler, aýaly aýrylyşdy, oppozisiýa diýilýänler gabanyp, ony kgb agenti bolmakda aýypladylar, KGB bolsa ony dälihana taşlady, daşary ýurt guramasyndan ynsanperwer kömek diýip azajyk pul iberdiler, dogany elten adama ’çykarybam oturma, bizde beýle dogan bolmaz’ diýdi. Dogry, dälihanadan çykdy, soň döwlet kontrollygynda işläp garrady. Indi ýeke ogly gelip, wagtal-wagtal üstüne dyzaýar, nämemiş, kakasy onuň ösmegine böwet bolanmyş. Pahyr zeýrenýär: ’Ösen bolsaň, para alyp türmä düşerdiň, basylmanyň üçin kakaňa sag bol aýt’ diýýär. Bir gezek ýanynda otyrkam şol ogly gelip, kakasyna abyr-zabyr edip, bir zatlar diýip gitdi. Pahyr yzyndan gapyny ýapyp: ’Muňa kakasy gerek däl, bar aladasy şu oturan jaýym, başga birine gider öýdüp gorkýar’ diýdi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024