Açgözlük medeniýeti
Adam aýtdy:
"Bu gyş beýle sowuk bolmady, garam az ýagdy, emma öňki ýyllardakydan kän üşedim. Sebäbi açgözlük, adam nebsi we doýmaz-dolmazlygy hakynda kän pikirlendim. Biz näme üçin beýle açgözkäk? Ýokaryk çykan doýmaz-dolmaz bolaýýar. Sebäbi berim bilen çykýar, öwezini dolmaly, soň ýene ýokaryk berip durmaly, ýogsa saklanmak kyn diýýärler. Käbirleri bu sowet sistemasyndan galan kesel diýýär. Emma arada Eziz han bilen Jüneýit hanyň arasynda bolan bir gürrüňi eşitdim. Hakykatda bolan zatmy ýa toslama, biljek däl. Rahym Eseniň halk içindäki rowatlara salgylanyp ýazmagyna görä, Jüneýit han Eziz han bilen ilki duşuşanda: "Serdar, seniň nähili gowy ýaragyň bar eken! Donuňam gowy eken! Telpegiň hasam ajap eken!" diýipdir. "Soňky gezek duşuşanlarynda tejenli serdar Jüneýit hanyň ýanyna sowgatly gelipdir. Ol özüniň iňlis mauzerini hem, kazak karabinini hem gysganmandyr, egnindäki agarçäkmenini hem gysganmandyr. Hywa, hany hem bergidar bolup galmandyr. Ol hem tejenli hana kümüş uýanly ýomut atyny beripdir. "Telpegiň-ä dözmediň öýdýän? – diýip, Jüneýit han mönsürän bolanmyş. – Ýa-da düşünmediňmi? Telpegiň maňa beýleki zatlaryňdan has gowy ýaraýardy". "–Telpek özümiňki, han aga – diýip, Eziz han gaba telpegini maňlaýyna süýşürip jogap berenmiş. – Ol meniň kellämiň bezegi. Telpegimi bersem, ertir sen meniň kellämi dilärsiň. Kellämi bolsa diňe telpegim bilen bile alyp bilersiň" diýip, Rahym Esen "Eziz han hakynda hakykat" atly kitabynda ýazýar. Şondan soň Jüneýit han onuň synagdan geçendigini aýdanmyş. Emma bu ýerde synagdan başga-da zatlar bar ýaly. Adamyň çagalykda, ýaşlykda biriniň egnindäki eşiklerine, ulagyna, jaýyna... göz gyzdyrmagy mümkin. Emma soň, 50-60 ýaşan, il öňüne çykan adamyň çagaça bolman, başga birniň egnindäki eşige göz gyzdyrmagy, muňa synag ýa başga zat diý, kadaly dälmikä diýýän. Mundan-da beteri, medenileşen adam bolan bolup, ogurlap ýa para-peşgeş edip alan zatlaryny, başga birleriniň ýazan kitaplaryny öz adyna geçirip, ile güjeňläp, artykmaç boljak ýa görünjek bolýana näme diýmeli? Biz muňa bolmaly, kadaly zat hökmünde garaýan bolsak, ýa-da munuň bilen umuman ylalaşýan bolsak, bu biziň aňyrdan gelýän medeniýetimiz, derejämiz, bar bolup bilşimiz bolmasyn?"