Surat

Ýaşuly ýazyjylaryň başarnygy

Adam aýtdy:

"Indi-indi düşünýärin: men olara kembaha garapdyryn! 1980-nji ýyllar biziň 1960-njy ýyllarymyzdy, Mihail Gorbaçew biziň Nikita Hruşewimizdi. Biz täze nesildik! Onsoň men olar öz yzlaryndan gelýän täze nesli, täze güýji durzup, togtadyp, belki-de tas ýok edip, azaşdyryp ýa ýoldan sowup, juda bolmanda onlarça ýyl yza tesdirip biler öýtmeýärdim. Emma olar, her näçe agzala bolsalar-da birleşmäge, täze güýje garşy bilelikde, agzybir durmaga güýç tapdylar we diňe özleri galman, tutuş halky hem sowet galplygynda saklamagyň, täze dogan çagalary bolsa ondan hem beter çüýrüklige iteklemegiň hötdesinden geldiler. Netijede, olar özlerini agzybirlikde heläkläp, ilki özlerine derek bir galp ýazyjyny döretdiler, soň ikinjisini döretdiler. Indi-indi düşünýärin: men olara kembaha garapdyryn."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024