Surat

Gowaça ekişi, ogurlanan ýyllar we başga reallyk

Adam aýtdy:

"Her ýyl gowaça ekişine başlamak barada gürrüň çykanda, biygtyýar çagalygyma, keşiň arasyna dolanýaryn. Sebäbi bu habar maňa öz bisowatlygymyň sebäbini, 60 ýaşamda-da aýrylmadyk ýaýdanjaňlygymyň, nalajadeýinligimiň düýp köklerini ýatladýar. Ýadymda däl, gyz doganym bilen ilkinji gezek gowaça ýekelemäge gidemde ýa 10, ýa-da 11 ýaşymdadym. Her ýyl gowaça ýekelemekden başlanýan agyr iş ýylyň aýagyna, bolşewikleriň noýabr baýramçylygyna çenli dowam edýärdi. Bu bize eli ganly kommunistler tarapyndan sowgat berlen ak mekdebiň we bagtly çagalygyň kommunistler tarapyndan ogurlanmagydy. Gyş aýlarynda hem kemally okuw bolmazdy. Klasyň dulunda bir peç bolardy, onda kömür ýakardylar. Emma mekdebe berilýän kömrüň küli özünden kändi. Hojalyklarda ol küli sygyr maçjasyna garyp, güne sererdiler we gurandan soň peje salardylar. Emma mekdepde sygyr maçjasy ýokdy, onsoň kömri mümkin boldugyndan tygşytlamaly bolardy... Dokuz doganym obada galdy, diňe men şäherde işe ýerleşip bildim. Ilkiler, okuwa diýip Aşgabada gelemde, öz dillerinde jedirdäp gürleşýän rus çagalaryna gözüm giderdi. Soň bir kursdaşym "Görsene, çagalaram orsça suw çaly gürleýärler, biz gürläp bilemzok" diýip, gynanjyny daşyna çykaranda, bu nalajadeýin duýgynyň diňe özüme degişli däldigine düşündim. Her gün okuwa gidemde, dyknyşyk awtobusda ýa trolleýbusda iň halamaýan zadym, elbetde, dyknyşykdan soň, konduktor aýallaryň gykylygydy. Olar orsça gürleýärdiler we, göwnüme bolmasa, başarsalar ýolagçylary utandyrjak, kemsitjek bolýan ýalydylar. Eger ýolagçy milli eşikli aýal-gyz, ýa horaşaja geýnen adam, obaly oglan bolsa, orsça düşünmän gapdalyndakydan ’näme diýýär-aý bu?’ diýip sorasa, konduktor aýalyň köhi gelerdi, ’nýama diýýar, nýama diýýar’ diýip, sesini gataldyp, o ýolagçy düşüp gideninden soň hem ’hor-horuny’ kesmezdi. Emma oňa ’bes et’ diýýän ýa başga gödeňsiliklerine gaýtargy berip bilýän tapylmazdy. Ýöne bir gezek bir gyzyň konduktor aýal bilen ’deň gidişmesine’ şaýat boldum. Trolleýbusdaky ýolagçylaryň ýüzi ýagtylan ýaly boldy. O gyz türkmendi, ýöne rus dilinde suw ýaly gürläp, konduktor aýalyň her aýdan sözüne jogap berip, ony ’ýerinde oturtýardy’. Bu seýrek bolýan zatdy we tutuş trolleýbus gulaga öwrülipdi. Konduktor aýal bir söz diýse, o gyz iki söz bilen gaýtargy berýärdi. Ahyry ol gyzyň düşmeli duralgasy geldi we 50 ýaşlaryndaky konduktor özüniň ýaşajyk garşydaşyndan iň soňky okuny atyp galdy: ’Saňa orsçany öwreden kim, biz bolmasak beýle gürläp biljekmidiň?’ diýdi. Ýolagçy gyz bu söze ýere düşenden soň jogap berdi: ’Siz bolmadyk bolsaňyz, men başgalaryň dilinde gürlärdim, özem olar maňa dillerinde gowy gürleýänim üçün-de, gowşaklygym üçin-de minnet etmezdiler, gaýta dillerinde gürleýänim üçin sag bol aýdardylar’ diýdi. Men o gyzyň şonda nähili mamla bolandygyna 20 ýyl soňra, tüýs okajak, dil öwrenjek wagtymy pagta planyna gurban eden we özümi ömürlik bisowat, ýaýdanjaň we gorkak adam edip goýan režimden ýeňlip, daşary ýurda gaçyp çykamda düşündim. Dogrudanam, başgalar dilini öwrenseň, çalak-çulak gürleseň hem begenýän ekenler, üstüňe gygyryp, minnet etmeýän ekenler. Gowaça ekişi başlanýar diýlende, her gezek şol gyzyň aýdan sözleri ýadyma düşýär. Gör, bu sözüň manysyna ýene näçe ýüz müň adam 20-30 ýyl soň düşüner ýa-da hiç wagt düşünmez?.."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024