Surat

Özüňe garşy oýun

Adam aýtdy:

“Ykdysady krizis" diýýärler, emma bu ahlak krizisi. Il-gün üýşüp, bileleşip, özüne çukur gazdy. Kimler bu çukura bolşewikleriň getiren açlygy diýýär, ýene biri uruş döwründe we soňra horlukda ösen çagalaryň, häzirki aksakgallaryň zatdan gözi doýman, ömürlik açgöz bolup galmagy sebäp boldy bu betbagtçylyga diýýär. Beýleki biri bolsa, okamajak adamlaryň diplomly bolmak, ‘gaty kagyz’ almak çyrçygy bizi agyr kesseli halka öwürdi diýýär. Bar eden işimiz - özümiz özümize uly bisowatlyk çukyryny gazdyk, okajak bolan, sowat aljak bolan garyp çagalaryň öňüni bekledik, gözümizi açjak bolan adamlary ýekirdik, ýanadyk, onda-da bolmasa dälihana, türmä taşladyk, öldürdik. Gaçyp sypany bagtly boldy. Ikilikçileri, parahor-ogrulary, messepsiz-ýalançylary, boşlary bolsa başlyk etdik, ýokardan ýokaryk çykardyk. Indem "ykdysady krisiz, eýle-beýle" diýýäris. Ýok, bu ykdysady krizis däl, ahlak krizisi, ilki şol boldy, soň yzyndan ykdysady krizis diýýäniňiz geldi. Özem gaty ymykly geldi, bek geldi. Hany ony kowjak boluň göreýin, näderkäňiz?”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024