Ideologiýa we şahyrlar
Adam aýtdy:
"Ideologiýa, onda-da eli ganly döwletiň ýa partiýanyň ideologiýasyna boýun bolan şahyryň şahyrlygy, söz oýnatmak ussatlygyna, ýazmak we adamlaryň ýüregine barýan ýoly tapmak ezberligine garamazdan, barybir kelte bolýar. Mysal üçin, ideologiýa şahyry “Biz näme bolsak şo bolaly, Bolsa bolýar eziz watan” diýip, watanyň ykbalyny öz ykbalyndan ýokary goýýandygyny aýdyp, watançy bolup görünmäge çalyşýar. Emma ol watanda ýaşap otyr, onuň nireden gelip, nirä barýandygyny hem belli bir derejede bilýär. Sebäbi, özi ýaş-da bolsa, adamyň ejesi-kakasy, agalary, ýaşuly nesil bar, ol jemgyýetden üzňe däl we il içinde hemişe bolan, bolýan we boljak zatlara dogry baha berýän adamlar, az-da bolsa, bolýar. Biziň şahyrlarymyzyň bu hili ’watançy’ bolan döwürleri bolşewikleriň Kompartiýasy hojaýyndy, olar ýurda gan çaýkap gelipdi, gan çaýkap ornaşypdy we soňra Gitleriň goşunlarynyň öňünde adam düşäp, zordan aman galypdy. Şondan soň olaryň öňünde ýurduň gyrlan milletiniň ýerine adam köpeltmek wezipesi keserdi, şondan soň olar ’doktor’ kolbasasyny döredtiler, çaga dogran enelere kömek puluny berdiler... Emma bu olaryň doly pälinden gaýdandygyny aňlatmaýar. Olar öz diýýän sosializmlerini saklajak, hatda ony dünýä ornaşdyrjak bolup, ellerinde gelenini etdiler we ahyry maňlaýlary ymykly daşa degi. Şahyr şahyr bolsa, by ýagdaýy görmeli. Eger ol watanyny gowy görýän, ony öz ykbalyndan ileri tutýan bolsa, öljegini bilse-de hakykaty, il içindäki başga, partiýanyňda gabat gelemýän pikiri aýtmaly ýa-da aýtjak bolmaly. Emma biziň beýgetlmek islän şahyrlarymyz ýa bu ýagdaýy görmediler, gelýän howpa düşünmediler, ýa-da ony özleri aman galmak üçin göremdik boldular. Has anygy, olar “watan näme bolsa, şol solsun, biz bolsak, galsak bolýar” diýip ýaşadylar we döretdiler."