Surat

Adamlar we kitaplar

Adam aýtdy:

“Möhüm kitaplaryň hem, möhüm adamlaryňky ýaly, agyr ykballary bolýar. Ata Gowşudyň ýer yrananda ýitdi diýlen “Perman” romanynyň ykbalyny eşidensiň, emma Nury dädäniň (Aşyrpur Meredow) “Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi” (Sapar Ahally bilen bile ýazylan) atly kitabynyň başdan geçirenlerini eşiden dälsiň, sebäbi ol barada kän gürrüň edilmedi. Nury däde bu kitabynyň golýazmasyny 1979-njy ýylda “Magaryf” neşirýatyna tabşyrýar. Şol ýylam Eýranda yslam rewolýusiýasy diýilýän boldy-da, olaryň sakgally ynkylapçysy şa döwründe daşary ýurtlara bosgunlyga çykan eýranlylaryň arkaýyn ýurda dolanyp biljekdigini aýtdy. Önüp-ösen ýurdy, yzyny, dogan-garyndaşlaryny, tanyşlaryny, oglanlykda oýnan ýerlerini gaty küýsändir-dä, Nury däde hem gitdi. Emma Eýranda ony uzak goýman türmä basdylar, hatda ‘türmede ölüpdir’ diýen habarlar hem ýaýrady. Ýöne bendäniň çöregi bitin eken, sag-aman yzyna – Türkmenistana dolanyp geldi. Şondan soň baryp, “Magaryf” neşirýatyndan habar tutsa, baş redaktor ‘oglanlar ýitiripdir, gaty gynanýan, oglan, golýazmaň bizde ýok’ diýip, ýüzüne seredip otyrmyş. Muny men soň Nury dädäniň öz agzyndan eşitdim. Bu şeýle boldy: 1985-nji ýylda tankytçy Saýlaw Myradow aradan çykdy. Nury däde bu kitabyň golýazmasynyň maşynkadan çykan dördünji nusgasyny ‘sen klassyky edebiýat bilen gyzyklanýaň, gerek bolar, ulanyber’ diýip, 1979-njy ýyldan öň Saýlawa beren eken we ol hem Saýlawyň öýünde saklanyp galypdyr. Ol golýazma bir papka, uly zatdy we men ony görüp, Abadan gelnejä ‘Gelneje, seniň çagalaryň içinde şuny ulanjagy ýok, haçan ulanjak diýseler, menden alyp gaýdaýyň, men şuny alaýaýyn, öýde ýer tutýar diýip zyňarsyňyz’ diýdim. Olam ‘äkit’ diýdi. Onsoň bir gün bir ýerde otyrys welin, Nury däde “Magaryf” neşirýatynyň şol wagtky baş redaktorynyň adyny tutup zeýrendi: ‘Ýok’ diýip otyr, meniňem indi ol zatlary täzeden ýygnamaga güýjüm ýok, garrapdyryn’ diýdi. Men: ‘Nury däde, şol sözlügiň maşynkadan çykan dördünji nusgasyny getirip, eliňe bersem, näme berersiň?’ diýdim. Nury däde: ‘Aý, bilmedim, arkama alyp, Käbä äkidäýmesem, inim’ diýdi. Şol gün agşam golýazmasyny öýüne eltip berdim welin, pahyr ony görüp, saklanyp bilmän gözýaş etdi. Şondan soň bu kitap, maňlaýy açylyp, 1988-nji ýylda “Türkmenistan” neşirýatynda 15 müň nusgalykda çapdan çykdy. Emma ol häzir gündiz eliň çyraly gözlemeli kitap, soň beýle kitaplary çap etmäge ýol bermedi hökümet.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024