Taşlanan ömür
A poem is never finished, only abandoned. Paul Valery
Belki, diňe goşgy däl,
ömür hem gutarýan däldir,
tamamlanýan däldir adam,
türmä basylany bilen,
ýa sürgünde, il-gününden alysda
galsa ýeňlip şermendeden,
ýüz ýyl bäri ýeňip gelýän,
belki, adam arakesme alýandyr,
taşlananda gara türmä,
ýa dymmaly bolanda,
öli, diri, hiç parhy ýok,
ol özüni halas eder,
ýa-da etmez işi bilen,
birleri göreşer ölüp,
a beýleki iýjek diňe,
gabyr gazyp dişi bilen.
Belki, diňe şygyrlar däl,
ömürler gutarýan däldir,
ýöne taşlanýandyr käte,
ýazmaga ýaltanyp yzyn,
ýa-da bilmän ýene näme,
ýa nähili ýazmaly?
Belki, adam tamamlanmaýar ölüp,
üzülse-de bimahal hem armanly
ömür diýilýän tanap,
käte başga biri gelip yzyndan,
dowam edýär ony galan ýerinden,
hem galdyrýar, meger, indiki depä,
ýykylýança ýa-da ýüşüp, namartlap,
galmaz ýaly edip ýykýançalar bek,
belki, ömür gutarmaýar hiç haçan,
goşgy ýaly hakyky,
ony biri bir milletde ýazmasa,
başgasynda hökman ýazar başgasy,
eger-eger etme şek!