Surat

Öwrenişilen ýer

Adam aýtdy:

"Eger adam ozal ol ýa beýleki tötänlik esasynda ulurak bir ýerde işlän bolsa, hakdan-nähakdan baýasa, aýalyny altyn-zere, çagalaryny bolçulyk batgasyna batyrsa, ol kürsüsinden düşürilenden soňam, hatda ogurlykda aýyplanyp türmede oturyp gelse-de, ýurtdan gaçgak bolsa-da, gürleşýän adamsynyň kimdigini bilmän üstüne dazarylsa, sesini gataltsa ýa ömür görmedik-bilmedik admyny ýok gänäde aýyplap, mamla däldigi belli bolanyndan soňam ötünç soramasa, ne gaharlan, ne-de geň gör. Sebäbi ol özüniňkiden başgarak, has başgaça durmuşyň bardygyny, başga adamlaryň, başga pikir-garaýyşlaryň bardygyny bilmeýär. Muňa onuň kellesinde ýer, orun ýok, ol kelle başga, belki-de düýpden ters tejribeler we pikir-garaýyşlar, ynançlar bilen dykalanyp dolduraylan. Bu ynançlardan ýa öwrenişilen, endik edilen rahatlyk çukuryndan çykmak her kime başartmaz. Sebäbi adam köplenç, özüni we töweregindäkiler inçegöz elekde eläp bilmese, ýa özüniň, ýa-da özi ýalylaryň üýşüren-toplan zir-zibiliniň içinde galýar. Kim bolsa bolsun, adama başga biriniň zir-zibiliniň içinde ýaşamak we ölmek agyr degýär. Iň geň ýeri, köp adam öz zibiliniň içinde, hapa ýa porsy bolsa-da, arkaýyn ýaşaýar we arkaýyn ölýär."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024