Salykatly adamlar
Adam aýtdy:
"Daşyndan synlap, ’salykatly adamlar, bilimli, düşünjeli, belli bir derejä eten’ diýip pikir etdim. Durmuşda nämeler bolmaýar, ýa kanun, ýa kanuny özüçe ulanýan adamlar bilen oňuşmandyrlar. Tanyşlyga begendim, emma edilýän gürrüň, hususan-da özüme berilýän soraglar kän göwnüme ýaramady. Birhili, soraglarynda müňkürlik bar ýaly, özleri hakynda aýdýan zatlarynyň hemmesi çyn däl ýaly... Gürrüňdeşim uly adam bolup, aňyrsy görnüp duran zatlarda göz-görtele ýalan sözlese, ýa-da mende şeýle duýgy döretse, başgalary bilemok, men-ä äsgermezlik edilýän ýaly bolýan. Emma bu gezek "Güman imandan aýrar" diýipdirler, ömrümde ilkinji gezek görýän adamlarym hakynda gara pikir etmäýin diýip, özümi utandyrdym. Ýöne soň täze tanyşlarymy kän göresim gelmedi, üstesine wagtym hem ýokdy. Dogry, birki gezek telefonda gürleşdik, emma şondan aňryk geçmedik. Şol aralykda hem mekdepde okuw başlandy-da, gyzym agşamlyk okuwdan gelip, ’kaka, klasymyza täze gyz geldi, kakasy seniň işleýän ýeriňde işleýär’ diýdi. Men geň galdym, sebäbi meniň işleýän ýerime soňky alty aýda täze işgär alynmandy. Gyzymdan täze klasdaşynyň familiýasyny soradym, ol ony ertesi okuwdan gelýänçe, ýagny mekdepdäki joralaryndan soraýança ýadyna salyp bilmedi. Ol gyzyň kakasy we ejesi meniň täze tanşan ’salykatly adamlarym’ bolup çykdy. ’Ýok, gyzym, meniň işleýän ýerimde beýle familýaly adam işlänok. Sen ýalňyş eşiden bolaýma? Ertir ýene bir sora!’ diýdim. Gyzym ertesi gelip: ’Ýok, kaka, ýalňyş eşitmändirin, ol kakasynyň seniň işleýän ýeriňde işleýändigini aýdýar’ diýdi..."