Surat

Hakyky gedaýlyk

Adam aýtdy:

"Şu günki ýaly ýadymda, iki sany kärdeşim bir çopan hakynda feleton ýazdy. Ol feleton ýurduň baş gazetinde çap edildi. Olar çopany bakýan sürüsinden bir goýny satyp, eşek alynmakda, beýleki bir goýny bolsa, öldürip iýmekde aýyplaýardylar. Çynmy-ýalan, biljek däl, sebäbi çopanlar bihasap zat ýokdugyny, garamaýak halyňa kolhoz malyny iýseň, hökman jogap soraljagyny bilýärdiler. Emma olar ony, hil bir hakykat ugrunda göreşiji, hil bir halk malyny goraýjy bolan bolup, çeýnemek çeýneýärdiler. Ýogsa şol günler Owganystandan ol ýerde ölen esgerleriň gurşun tabyda salnan jesetleri gelýärdi, diňe halk maly ýa puly däl, garyp maşgalalaryň ogullary ýat ilde, ile-güne ýat ideologiýa astynda maýyp edilýärdi. Emma olar bu barada dil ýarmak beýle-de dursun, pikir hem edip biljek däldiler. Sebäbi näme, biz kesekileriň gol astynda, koloniýada ýaşaýardyk, basybalyjylar bilen oýnumyz deň geljek däldi, olaryň elimize tutduran oýunjagyny oýnamalydyk, başgasyny soramaly däldik. Soň garaşsyz bolduk, basybalyjylar çekildi. Emma bu biziň garaşsyzlygymyz bolmady, başlyklarymyzyň garaşsyzlygy boldy. Onsoň olaryň içindäki gedaýlar, partiýa biletlertriniň arkasyna bukulan açgözlükler, utanjy-haýany taşlap, daşaryk çykdy. Olar öňlerinden çykan ähli zady, süri-süri goýun-geçini, pagta harmanlaryny, nebit-gazy, täze-köne maşynlary, döwük traktorlary, kombaýnlary... ýalmap-ýuwdup barýardylar. Açlyk ýokdy, açlyk geldi, işsizlik ýokdy, işsizlik geldi. Daş-töweregindäki talaňçylygy görüp gyssanandyr-da, bir daýhan öz kärende ýerinde ýetişdiren bugdabyndan, döwletden ýaşryn, çagalary üçin birki halta ýylgalla ýygnady. Emma tonnalap bugdaý, pagta ogurlaýanlar, nebit-gaz satýanlar tutulmasa-da, iki halta bugdaý ogurlan daýhan tutuldam, basyldam. Prezident diýilýän ony çeýnäp, it alan sanaja dönderip, telewizoryň ekranynda bolmajysyny boldy. Daýhan pahyr şindem şol gara günde, öňki kommunistleriň içinden çykan gedaýlar bolsa, şindem doýanok..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024