Surat

Adam dostlugy

Adam aýtdy:

“Başgalardan geçen, adam hatda özüne-de dost bolup bilmeýär: iýmesizi iýýär, içmesizi içýär, diýmesizi diýýär, gitmesiz ýere ýol aşyp gidýär, ömür ýüzüni görmesiz adamlar bilen tirkeşýär, ýoldaş bolýar, barmasyz ýere görünýär, emma barmaly, bolmaly ýerlerine baryp ýetişmeýär. Iň ýamany, adam etmeli işlerini etmeýär, diýmeli sözlerini aýtmaýar, dilini dişleýär, ýakynsyraýan ýatlaryň bilip ýa bilmän aýdan sözlerini ýüreginde, beýnisinde göterip gezýär... Adam özüne dost bolup bilmeýär, belki-de köplenç, bilip ýa bilmän, ol özüniň iň erbet duşmany bolýar.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024