Ýumuşçy oglanyň ahmyry
Adam aýtdy:
"Obadan şähere gelenime elli ýyl boldy, şu elli ýylda bir zady öwrendim: obadaşlarym, diňe obadaşlarym hem däl, tutuş regionyň adamlary meni, paýtagtda wagtyny nämä sarp etjegini bilmän, ozalky tanyş-bilişleriniň ýa olaryň çagalarynyň ýumuşlaryny bitirmek üçin garaşyp oturan adam hasaplaýarlar. Ilkiler işim, wezipäm barka, ýaşuly adamlar, deň-duşlarym gelerdi. Soňabaka oturan ýerinden jaň edip ýa gelip ýumuş buýurýan adamlaryň köpüsi menden iki-üç esse ýaş. Türkmen ’Ýüz otdan yssy’ diýýär. Belki, başdan ýüzleklik etdim. Başga-da men ýaly ýaşlykdan şähere gelenler bar, emma başdan ’ýumuşçy’ bolmadyk ildeşlerimiň ýanyna barýan ýok. Meniň ýanyma welin, şu geçen elli ýylda her hili ýumuş bilen gelen adamlaryň sany-sajagy ýok. Dogry, jäň edip ýa gelip, haýyşyny aýdyp gitse, olar üçin bir ýerlere jaň edip, gürleşmeli bolsa, ýa ýanlary bilen gidip, birine ýüz tutmaly bolsa, olam owarram. Eger aňyrdan gelen ildeşiň ýumşuny bitirseň, ’köşekli düýe’ - taňryýalkasyn alsaň, munuň üçin ýitiren wagtyňa gynanyp hem durmaýarsyň. Emma käbiri gelip, dar jaýyňy daraldyp, näçe günläp öýüňde goş basyp ýatýar. Onsoň, seniň öýüň mugt myhmanhana bolsa, seniň özüň, aýalyň, çagalaryň onuň mugt hyzmatkärine öwrülýär. Sebäbi, oba baryp, dogan-garyndaşyň ýa tanyş-bilişleriň ýanynda gürrüňimi etmesinler diýip, öz iýmedigiňi iýdirmäge, gitjek ýerine äkitmäge we yzyna ýene ynjytman getirmäge çalyşýarsyň. Şol aralykda, senem adaty adam, öz işiňe-aladaňa ýetişmeli. Emma muny agzap bilmeýärsiň, sebäbi myhman gaty görer, ’iki gün işimiz düşdi welin, arsyz boldy’ diýer öýdýärsiň. Iň ýamany, bir adamyň 99 sany ýumşuny bitir we 99 gezek ’köşekli düýesini’ al, eger onuň 100-nji ýumşuny bitirip bilmeseň (ýogsa synanyşarsyň, bitirjeksiň), elinden ’poh’ gelmeýän, ýa onuň işini bitirmek islemeýän, bahana gözleýän adam bolýarsyň. Soňky ýigrimi ýylda bolsa, öňler söze, dilden edilen haýyşa ýa çala tanyşlyga bitýän işleriň köpüsi pully boldy we islendik ’hyzmatyň’ bahasy ýyl-ýyldan ýokarlandy. Ýa-da sen bitirilen ýumşuň ýerine başga ýumuş bitirmeli. Muny aňyrdan gelýänler hem bilmeli ýaly, sebäbi ’azat bazar ykdysadyýeti’ olaryň ýaşaýan ýerlerine, obalaryna hem bireýýäm geldi. Emma bilmeýärler, gökden düşen ýaly, dünýeden habarsyz bolan bolup gürrüň edýärler, saňa öz ýumuşlaryny nähili bitirmelidigini, näme etseň gowy boljagyny öwredýärler. Mysal üçin, käbirine janyň ýanyp, öz ýagdaýyňy düşündirmek üçin ’men indi pensiýadaky adam, ozalkylar ýaly jaňyma iş bitenok, öňki tanyşlarym hem ýok, olaram pensiýa çykdy’ diýýärsiň. Emma aňyrdan gelen şol öňki tanyşlaryň ýokary wezipede oturan tanyşlaryny ýa ogullaryny tapmagy, sorag-ideg edip görmegi, düýpden tanamaýan adamlaryňa ýüz tutmagy maslahat berýär. Öň bir gezek bir tanşyň ogluna jaň edip, başga bir obadaşyň ýumşuny bitirendigiňi ýatladýar. Bularam hiç diýseň, ýumşy bitmedik gara çyny bilen öýkeleýär we oba baryp, şol 99 gezek öýüňde bolanda seniň öýüňde, özüňde, aýalyňda, çagalaryňda gören we kellesinde bellige alan ’kemçiliklerini’ öňünden çykana gürrüň bermäge başlaýar. Şonda ilkinji obadaşyň ýumşuny bitireňde ýitiren wagtyňa gaty gynanýarsyň."