Surat

Bilinmeýän utanç

Adam aýtdy:

"Bir kärdeşim ’üç jyns bar: aýal, erkek, heleý, emma heleý aýallaryň arasynda däl, erkekleriň arasynda has kän duşýar’ diýerdi. Soňky döwürde bu söz barha kän ýadyma düşýär. Şäherde doguldym, kakam sowatly adamdy, uly işlerde işledi. Ejemem işledi, mekdepde çaga okatdy, emma öýde nahar-şor, geýim-gejim ýuwmak, içerini ýygnamak ýaly öý işleriniň hemmesini özi ederdi. Dogry, soň oňa gyz jigilerim, gelinleri kömekçi boldy. Emma çagalyk, ýetginjeklik ýyllarym şu günki ýaly ýadymda, myhman gelse, ýa kakamyň ýanyna dostlary, kärdeşleri küşt oýnamaga, gümür-ýamyr etmäge gelse, ejem çaý-naharyny kem etmejek bolup, uzakly gün dik durardy. Indi pikir edýärin, eger meniň sowatly kakam öýünde öz aýalyny, gyzlaryny şeýle ezen bolsa, ogullaryna ýaramaz görelde bolan bolsa, obalarda ýaşaýan erkekler nähilikä? Ýurtda işsizlik köpelip, aýallar iş gözläp, daşary ýurtlara gidip, ozal ömür etmedik işlerine baş goşup ugranlarynda, olaryň getiren puluny iýip, aragyny-çilimini kemeltmän oturan erkekleriň henizem öýde o çöpi beýleki çöpüň üstüne atman, ’heleý, çaý getir, naharyňa seret, çagaňy aglatma!’ diýip herrelip oturanyna, ýa okamaly, hünär öwrenmeli, geljekki durmuşa taýýarlanmaly gyzlaryny gyrnak ýaly ulanyşlaryna şaýat bolamda, öz içinde ulanan we ozal bilmedik utanjymdan ýere giresim gelýär. Emma öýe adam gelende, aýalym meni aşhana goýbermeýär. Ýogsa, nahary hemişe bile bişirýäris, gap-gaçlary köplenç özüm ýuwýaryn. ’Aýalyňa nahar bişirmäge kömekleşýäniňi görseler, ’heleýguly’ diýerler’ diýýär."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024