Surat

Milli gylyk

Adam aýtdy:

"Biziň milletimiz parany gowy görýär: almagy-da, bermegi-de. Başga milletlerde beýle iş edýänler biraz çekinýär, yzyny gömmäge, bikanun baýlygyny ýaşyrmaga çalyşýar. Emma biziňkiler alanyny, berenini buýsanç bilen gürrüň berýärler. 1990-njy ýyllaryň barşynda bir tanşymyň gyzymy ýedi müň dollar berip, medinstituta saldym diýip gürrüň berşi, ýurist goňşymyň bolsa, on müň dollar toplasam, etraplaryň birinde prokuror bolup bilýän diýeni şu günki ýaly ýadymda. Soň ol goňşym dogrudanan regionlaryň birinde etrap prokurory boldy we şol ýerde işleýän sekretar gelin bilan halaşyp, iki çagaly aýalyndan aýryldy. Men para bermek, para almak we öwünmek bize sowet döwründe ýokuşan keselmikä diýýärdim. Emma ömür sowet sistemasyny görmedik, daşary ýurtlarda kemala gelen türkmenleriň hem onlarçasyny tanaýaryn. Olaram bermäni we almany, wezipeli adama ’hyzmat görkezmäni’, golastyndaky işgärleri ezmäni we kemsitmäni gowy görýärler, üstesine muňa hoşallyklaryny hem gizläp durmaýarlar, öwünýärler. Biz parany, ezmegi we ezilmegi gowy görýän millet."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024