Murgapdan balyk getirseler
Žurnalist Muhammet Myratlynyň ruhuna bagyşlaýaryn.
Adam aýtdy:
"Hökümet bilen oňuşman, KGB-niň deslapky tussaghanasyna düşdüm. Aýalym, çagalarym sag bolsunlar, türme naharyna daňylmaly etmediler. Her iki hepdeden yzymdan azyk, çilim geçirýärdiler. Ýanymda maryly biznesmen hem otyrdy. Onuň uýasy her gezek azyk geçirilýän güni Marydan otly bilen gelip, Murgapdan tutulan we gatyja gowrulan balyk getirerdi. Kameradaşym meniň aýalymyň owunjak dogralan elin etden gara burçuny-beýlekisini ýetirip bişirýän gutaplaryny gowy görse, men onuň aýal doganynyň getirýän balyklaryny gowy görerdim. Ol ’öler janym balyk, uýajygym türmede balyk bermejeklerini bilýär’ diýip gülerdi.Türmeden çykdym, emma dar kamerada iýlen murgap balyklarynyň tagamy ömürlik agzymda galdy. Eger meniňem Murgabyň boýunda ýaşaýan uýam bolan bolsa we her ’peredaçide’ yzymdan gowrulan balyk geljegini bilsem, ýene-de hökümet bilen dikleşip, türmä düşmekden çekinmezdim..."