Surat

Döwlet terrory

Adam aýtdy:

"Ýigrimi ýyl bäri daşary ýurtda ýaşaýaryn, yzda dogan-garyndaşlarym bar, enem-atam ýogaldy, ýerlerine-de görnüp bilmedim. Ýol ýapyk. Käte telefonda yzda galanlar bilen gysgajyk gürleşýärin, gürrüň salam-helikden aňryk geçenok. ’Saglyk, gowulyk’ diýýärler. Şondan aňryk geçmeýäris. Soraşmakdan menem gorkýaryn, olaram. Sebäbi bir söz üçin başlaryna bela gelmegi mümkin. Ikinjiden, ýagdaýlaryny soramasam-da bilýärin, her näme-de bolsa internet asyry, görüp bilýäne köp zat görünýär. Biz bu gorky çukuryna ýokaryk çykanlaryň gorkusy sebäpli gaçdyk we çykyp bilmän otyrys. Sebäbi ýokardakylar hem gorkýarlar, olar biziň özleri hakynda bilýän zatlarymyzy aýtmagymyzdan gorkýarlar we bizi mümkin boldugyça uzak terror astynda saklamaga çalyşýarlar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024