Äýnekli köwüş tymsaly
Adam aýtdy:
"Anyk haýsy ýyldygy ýadymda däl, ýöne prezident Nyýazowyň sary, ’äýnekli’ diýilýän köwşi geýip, daşary ýurtlaryň birine sapara giden ýylydy. Men onuň aýagyndaky aýakgaby uçaryň trapyndan düşüp gelýärkä görüp, ’beh, geýip ýören zady nähili-aýt munuň’ diýip, çalarak hüňürdedim. Ýanymda telewizor görüp oturan oglum gülüp, onuň jygyllykda hitrowkalylaryň arzylap alýan ’äçkili’ köwüşidigini düşündirdi. Şondan kän wagt geçmänkä jygyllyga huruşlyk, meýdanda bakylan, emma özüni gowurjak dowar almaga gitdim. Baran badyma, mal bazarynyň bäri başynda goýun satyp duran agajet, ýüzi güne gaýzygan gumlynyň dowarlaryna synym tordy. Baryp, özüme ýaran goýny bahalatdym. 120 manat diýdi. 100 manada soradym. Ol ’ýok, geçiber, bazarda mal kän’ diýdi. Emma men geçmedim, söwdalaşmaga durdum. Ol ahyry, uzak çekeleşikden soň, 110 manada düşdi. Men ýene bir 5 manat düşürjek boldum. Şol wagtam ol adamyň ogly gelip: ’Kaka, köwüş alyndym’ diýdi. Onuň elinde meniň şol prezidentiň aýagynda gören sary, ’äçkili’ köwşüm bardy. ’Gutly bolsun, näçä aldyň?’ diýip, kakasy sorady. ’120 manada, kaka.’ Gumly başyny ýaýkady: ’Men şul adam bilen häliden bäri on manadyň üstünde it guýrugyny iki kesişip durun, sen bolsa 40 manatlyk köwşe 120 manat berip gelýäň...’ Men 110 manady berip, goýny alyp gaýtdym. Ýöne ol adamyň sesindäki gynanç uzak wagtlap gulagymdan gitmedi. Men o wagt zat görmedik ýolbaşçylarymyzyň köpüsiniň şeýle söwda etjegini, ata-babalaryň çemçeläp ýygnan baýlygynyň çanaklap döküljegini, ýurdumyzyň beýle talaňa düşjegini kelläme getirmändirin."