Ýetim ýazyjylar ýa-da pesligi ýuwmarlamagyň nusgasy
Adam aýtdy:
“Ýazyjylar soýuzynda bir başlyk bolmadym, galan wezipleriň hemmesinde işledim. Çeper edebiýaty wagyz etmek býurosynyň direktory bolan döwrümde ýazyjylaryň maňa häli-şindi işi düşerdi. Sebäbi Çeper edebiýaty wagyz ediş býurosynyň üsti bilen ýerlere gidip, on gün il içinde çykyş edip gelseler, 300-den 500 rubla çenli pul gaznaýardylar. 1980-nji ýyllaryň ortalarynda bu az pul däldi, uly puldy. Şol döwürde iki sany ýazyjy hemişe bile gelip, gapydan girenlerinden zeýrenip başlardy: ’Biz bir ýetim ösen, durmuşda diňe horluk görmek üçin dünýä inen ýaly...’ Olar bir gezek däl, iki gezek däl, her gezek şol bir gürrüňi gaýtalardylar. Men beýle uzakçyl däldim. Dördünji ýa bäşinji gezekde ýaryldym: ’Utanaňzokmy, siz indi 40-dan geçen adamlar, öz çagalaryňyz bar, haçana çenli beýdip ýetim bolup gezjek?’ diýdim. Emma munuň bilen hem üýtgän zat bolmady. Soň bir gün bolsa, hasam çyzykdan çykdym öýdýän, ’siz sebäpli biz ýazyjylaryň arasynda ýigrenji bolýarys, sebäbi siz ýaşuly ýazyjylara ýaranjaňlyk edýärsiňiz, olar komandirowka-beýlekä gitse, ýanlarynda çemodan göteriji bolýarsyňyz. Ştanga göteriji bolmakdan ýadamadyňyzmy? Siz şeýtseňiz, olar beýlekilerdenem şoňa garaşýar we beýle iş etmämizsoň, bizi ’ýaşula hormat goýmaýan, sylamaýan, biedep adam’ hasaplap, il içinde ýakymsyz gürrüň edýär diýdim. Olaryň ikisem bu gürrüňe boz-ýaz boldy, emma hiç hili gaňryş dawasyny etmedi we öýkeli çykyp gitdi. Şondan üç gün soň olaryň biri gapydan gelip, men seniň aýdan zatlaryň hakynda üç gün oýlandym, sen dogry aýtdyň, meni gaýdyp şol ştanga göterýänleriň arasynda görmersiň’ diýdi. Emma beýlekisi meniň bilen iki ýyllap salamlaşmady... Soň bir gezek şol öýkelek ýazyjy we ýene bir kärdeşim bilen Etrek, Esenguly etraplaryna komandirowka gitdim. Öýkelek tanymal bir şahyryň şägirdi hökmünde tanalýardy we şondan öň baran ýerinde hemişe öz halypasyny öwerdi. O döwürde il içinde edebiýata hormat goýulýardy we adamlar ýazylýan zatlary okaýardylar. Onsoň, Etrege bardyk welin, adamlar ýaňky öýkelekden ’halypaň nähili, saglygy gowumy?’ diýip soradylar. Ol şonda köpçüligiň içinde, 100-150 adamly duşuşyk geçip duran ýerinde, halypasynyň adyny tutup: ’meniň bar ýerimde şonuň adyny tutmaň, ol meniň aýalyma lak atyp, onuň elinden tutupdyr, emma aýalym ‘gowulyk bilen çyk şu ýerden, ýogsa elime ilen zat bilen källäňi owradaryn’ diýipdir diýdi. Emma soň halypasy aradan çykdam welin, ol ýene öňki ýakyn şägirtligine dolanyp geldi, ozalky halypasy hakynda powest ýazdy, merhum şahyryň yzynda galan edebi mirasy öwrenýän komissiýanyň agzasy boldy. Şondan soň gazetde başga bir ýaşulurak ýazyjnyň bir makalasy çykdy. Ol öz makalasynda ýaňky halypasyny ilki öwüp, soň döwüp, soň ýene öwüp ýören ýazyjyny arassa, mert oglan’ hökmünde taryplaýar. Nämemiş, ol merhum halypasynyň arhiwini tertibe salyp otyrka, onuň özi hakynda ýazan erbet, ýagny tankydy zatlarynyň üstünden barypdyr. Makalanyň awtorynyň ýazmagyna görä, ol ýüzüni ak tam edip gelip, özi hakynda ýazylan zatlary näme etmelidigini sorapdyr. ’Aý, inim, hiç zadam etme, şol durşuna gitsin, ýöne men öňünden sözbaşy ýazaryn we seniň özüň hakynda aýdylan tankydy pikirleri mertlerçe kabul edip bilýändigiňi ýöriteläp bellärin diýdim’ diýip, onuň agasy öz makalasynda ýazýar. Şeýdip olar pesliklerini hem ýuwmarlamagyň nusgasyny goýdular.”