Surat

Aýaldan alnan ar

Adam aýtdy:

"Türkmen ýazyjylarynyň Aşgabadyň merkezindäki kottežleriniň ýykylmagynyň, olaryň iki gat jaýly howlularyndan beton jaýlara göçürilmeginiň sebäbini bilýäňmi?.. Men ilki Beýik muny şol kottežleriň birinde ýaşaýan Rahym Esenden ar almak üçin edendir öýderdim. Ol ýerde ýaşaýan beýleki ýazyjylar, huşum ýüňsakgal etmese, Beýigiň gaharyny getirmeýärdiler. Emma ýalňyşan ekenim. Has dogrusy, Beýige bolşundan beýik baha beripdirin. Sebäbi ol özi ýaly erkek adamdan ar alsa, ar alany üçin pese düşse-de, beýle pese düşmeýärdi. Elleri gelse, syrtyny wezipesine ýa KGB-ä diräp, namartlygam bolsa, erkekler pursatdan peýdalanýarlar. Bu geň däl. Emma ol ýazyjylaryň kottežlerini ýykdyranda, özi bilen deň erkek adamdan däl, aýal adamdan - Durdy Haldurdynyň aýaly Sadap ýeňňeden ar alan eken. Sebäbi ol goňşularynyň ýanynda ’prezidentiň ejesi diýýäniňiz Baýramaly sanatorisine baryp, çem gelen erkek bilen ýatyp ýören loly bolup çykdy-la’ diýip, Beýigiň ejesine şyltak atypdyr. Bu gürrüň şol agşam ýokaryk ýetirilipdir..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024