KGB-niň kömegi
"Ol Moskwada dargap gitmelidi. Ikinji gezek türmeden çykandan soň, Moskwada çem gelen ýerde, çem gelen aýal bilen ýatyp-turýardy. Bolup ýörşüni aklamak üçin, ’Gökdepede edenleriniň aryny alýaryn’ diýýärdi. Bu bahanady. Adam gutarypdy, maksady ýokdy (bolandygy hem belli däl!). Onuň derdi diňe aýal hem däldi, içmese, çekmese - oňmaýardy. Gözleýäni yzdan, ýurtdan gelen, ýanyndan neşe çykjak, bolmanda arak berjek adamlardy. Kazan wokzalynda Orta Aziýadan gelýän otlulara göz dikerdi, ýoldan aýrylyp goýlan wagonlarda watandaşlaryna ’ýoldaş’ bolardy. KGB bulary bildi, öwrendi we onuň esasyrak bolýan ýerine neşe taşlatdy. Neşe getiren, hökümetiň ýumşuny bitiren ildeş hoşlaşyp, kwartiradan daş çykdam welin, içerik dişine çenli ýaraglanan polisiýa döküldi. Olar ony neşe bilen tutdy we eline gandal urup, özleri bilen alyp gitdi. Bu populist şahyryň yzyna, üçünji türme möhletini almaga, has dogrusy türmede ölmäge ugradyljagyny aňladýardy. Moskwadan gelen ajy habar türkmen gazetlerinde şatlyk bilen çap edildi, hem KGB, hem dempartiýa agzalary begendi. Emma ol entäk öýüne getirilen neşäniň hözirini görmäge ýetişmändi, ondan öň iki ýa üç hepde bolsa, neşe tapman, gör azabyny görüpdi. Bu bagtyna bolan eken, analizler onuň ganynyň neşeden arassadygyny görkezdi. Şeýdip ol türmeden wagtlaýynam bolsa goýberildi. Şu-da onuň, hukuk goraýjylaryň tagallasy bilen, Orsýetden gaçyrylmagyna, yzarlanýan şahyr, syýasy pida hökmünde halkara baýragyna mynasyp bolmagyna, ýene bir on-ýigrimi ýyl azatlykda ýaşamagyna ýol açdy. KGB, bilip ýa bilmän, diňe zyýan etmeýär, käte kömegem edýär."