Surat

Milli ýoda

Adam aýtdy:

"Olar senden-menden akylly, dogrusyny aýdanyň dostunyň ýokdugyny gaty gowy bilýärler we, her iş bolsun, balyk ýaly dymmagy başarýarlar. Ýöne olar diňe dymyp oturanoklar, gürläp ’ýalňyşanlary’ ýazgarmak, bolmanda olary toýda-ýasda ýaňsylan bolmak ýaryşynda hem kem galmaýarlar. Şeýle-de olar öz-özüňi, şol sanda çagalaryňy küteltmek, döwürden-zamanadan yza galdyrmak kampaniýasyna ýa passiw, ýa aktiw goşulyp, işlerinde saklanmak üçin uly tagalla edýärler. Elbetde, olar munuň üçin ýalan sözlemeli bolsa hem, bigünä adama töhmet, şyltak atmaly ýa para berip, para almaly bolsa-da (iş gereg-ä!), hiç kemini goýmaýarlar. Dogry, batyrgaýlyklaryny hem bellemeli, olar soň ogurlyk ýa korrupsiýa üçin türmä gitmekden, çagalaryny türmä ugrukdyrmakdan hem çekinmeýärler. Iň beýik ýerleri bolsa, olar bu zatlar üçin hiç utanmaýar. Zora zor diýmeli."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024