Surat

Sögünç krizisi

Adam aýtdy:

"Ýedi-sekiz ýaşlarymdadym, obamyzyň ilerisindäki baýyrlykda özüm ýaly oglanlar bilen atyş-atyş oýnaýardym. Elimde alýumin simden ýasalan sapançam bardy. Baýyrlykda biten çöp-çalamlara bukulyp, ’aklar’ we ’gyzyllar bolup söweşýärdik. Birden gapdalda, kiçiräk baýryň üstünde gurjak oýnap oturan goňşy gyzjagazlaryň - Täçnabat bilen Akjanyň sözi azaşdy-da, olar bir-birine her hili ýiti sözleri aýdyp gygyrmaga başladylar. Bu söweş biziň söweşimizi buýruk-beýleki bermezden ýatyrdy, biz ’kim ýeňerkä, munuň soňy näme bilen gutararka?’ diýip, sapançalarymyzy gapdalymyza taşlap gyşardyk. Ýöne iki gulagymyz hem gyzlaryň söweşindedi. Olaryň biri - Täçnabat her gezek özboluşly, ýitiden-ýiti söz tapýardy, emma Akja oňa diňe iki harpdan ybarat, yzyna senlik ýöňkemäniň ik harpdan ybarat goşulmasy goşulyp ýasalan dört harply sögünç bilen jogap berýärdi. Täsin ýeri, Täçnabat bir diýen zadyny iki gezek gaýtalamaýardy. Netijede, ol täzeden-täze, original sözleri gözläp, esli gidişdi, emma Akja şol bir sögünjini gaýtalady oturdy. Biz, söz zapasy gutarsa, Täçnabat hem ahyry şol dört harply sögünje geçer öýtdük. Emma ol garşydaşynyň derejesine aşak düşmedi, arasynda pauza berip, birki gezek täze sögünç tapdy-da, ahyrynda birden durdy. Soňam gapdalyndaky gurjagyny alyp, gitmek pikiri bilen ýerinden turdy. Akja henizem şol bir sögünjini gaýtalap otyrdy. Täçnabat birsellem oňa seredip durdy-da, öýlerine ugramazyndan öň ýene bir originallyk etdi: "Günüňe ýanaýyn, Akyja!" diýdi... Bilmedim näme üçin, şu waka soňky günler ýygy-ýygydan göz öňüme gelýär."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024