Gymyldy meselesi
Adam aýtdy:
"Ýanwar, irden ýyly geýnip, biraz ýöremäge çykýarsyň. Elleriň elligiň içinde hem üşeýär. Barmaklaryňy gymyldadýarsyň, eliňi ele berip, elleriňi elligiň daşyndan owkalaýarsyň. Elleriň ýylaýar ýa sowuk howa uýgunlaşýar. Durmuşda duşýan adalatsyzlyklardan, kemsitmelerden goranmak hem şunuň ýaly: ilki elligiň ýa jübiň içindäki barmaklaryňy gymyldatmaly, soň öz bir eliňi beýleki eliňe berip, elleriňi ýylatmaly, gyzdyrmaly. Uly ýollar, uzak menziller hem ilkinji ädimden başlanýar diýýärler. Ýer ýüzünde häzir iň ýönekeý hukuklaryny goramaga, kanuny gorag almaga mümkinçilik tapmaýan milliardlarça adam bar, olara ylgap kömege baryp biljek bolsa ýok. Onsoň, ilki özüň barmagyňy gymyldatmany öwrenmeseň, hudaýyň kömegine ýa başga ýerden gelip, eliňi çoýmaga ot ýakyp berjege köp garaşmaly bolarsyň..."