Hindi hassahanasyndaky türkmeniň açyşy
Adam aýtdy:
"Aşgabatdan çykman elli ýaşadym. Magtymguly şahyr ýaly, "Hindistanda hyýalym" diýip, arzuwam etmändim. Emma elliden soň Hindistana duz-nesibäm çekdi, sebäbi Aşgabatda derdimi bilen lukman tapylmady. (Dogan-gardaş pul ýygnady, ’garyp ölmesin’ diýendirler-dä!) Bardyk, eýdip-beýdip salgy berlen klinikany tapdyk. "English?" diýip, çakymça, haýsy dilde gepleýänimizi soradylar. "Russkiý ýazyk, Rossiýa" diýdim. Emma düşünmediler. Ýene gaýtaladym. Meniňçe, bu ýerde düşünmez ýaly zat ýokdy. Sowet döwründe rus dili mugallymymyz "rus dilini bilseňiz, dünýäniň ähli ýerinde ýoluňyz açyk" diýerdi. Bizem ynanardyk... Gepiň keltesi, ors gulçulygyndan gutulyp, 26 ýyl erkinlikde ýaşap, Orsýete "Raşa" diýilýänini, rus diline "raşn" diýilýänini öwrenmek üçin hindi hassahanasynda bejergi almaly boldum. Hemem öz uçran esasy derdimiň diňe fiziki dert däldigine, uly syýasy dertdigine - izolýasyýadygyna göz ýetdirm. Ýogsa muny aýtmak hindi lukmanlarynyň ýadyna hem düşmedi."