Arassa işgär
Adam aýtdy:
"Ozal arassalyk başga zatdy. Adamlar ogurlykdan, ejize ganymlykdan utanardylar. Indi öwünýärler. Inim türmede işleýär, tussaglaryň yzyndan getirilen azygyny, gowurak jorabyna, sabynyna çenli ogurlap, doganlarynyň ýanynda edenlisireýär. Inim owarram, diplomyny okaman aldy, düşünje ýok diýsem, gelni ondan beter, üýşmeleň bolsa, dilini-başyny çeýneýär. Nememiş, onuň äri arassamyş, sebäbi başlygy ýaly, tussagyň yzyndan gelen aýaly ’figuraly’ bolsa, kabinetinde zorlamaýarmyş..."