Biz
Adam aýtdy:
"19...-njy ýyl, tanymal tankytçynyň ýedisi. Üzlem-saplam gelip duran adamlar, arasynda ýazyjy-şahyrlar geçip, stol başynda oturýar, duz dadýar we soňkurak gelenleriň bolaryna garaşýar, soň aýat-töwir, Gurhandan bir zatlar okalýar. Okalýan zada düşünen-düşünmän el galdyrýar, gideniň yzynda galanlara saglyk, ömür, dünýäsini täzeläne jennetden jaý dileýär. Adamlar gelip-gidip dur. Bir gyrada bireýýäm duz dadan we her gezek aýat-doga okalanda stol başyna geçip, elini ýüzüne sylýan, soňundan çilime güýmenip, gümür-ýamyr edip duran tanyş şahyrlaryň ýanyna bardym. Öň näme gürrüň edenlerini bilemok, emma men golaýlamda biri: ’Aý, Magtymgulam bolsa, biz ýaly şahyr bolandyr-da’ diýdi. Ýanyndakylar sesini çykarmady. Bu sözi aýdan şahyr reaksiýany aňjak bolup, ýanyndakylaryň ýüzüne jüýjerelip seretdi. Emma ýüzler agyrdy, zat aňar ýaly däldi. Ol meniň synlap duranymy görüp, it ýylgyryşyny etdi. Menem ýalandan ýylgyrdym. Ol naharly gazanlaryň gapdalynda duran stola ümledi: onuň üstünde gelenlere goýlan gök önümlerden artan we indi goýulmaly hyýar-pomidor üýşüp durdy. ’Bize goşularyn diýseň, şolardan zakuskalyk üç-dört sanysyny jübiňe sal, şäher daşyna çykyp, pahyra ýüz gram bilen degsin etjek bolýas, içmäni gowy görerdi’ diýip, ol it ýylgyrmasyndan çyna geçdi. Men olaryň tümmerip duran jübülerini diňe şundan soň gördüm. O wagt pomidor-hyýar bazarda gara köpüge durýardy..."