Surat

Ösüş

Adam aýtdy:

"Agamyň ýekeje gyzy bar, ogullaryndan gowy görýärdi, pahyr. Obadaş, ykdysatçy oglana durmuşa çykardy. Emma bir ýyldan soň giýewisini işinden kowdular. Gyzy her gün kakasynyň ýanyna gelip aglady: ’Işsizligi owarram, özüm el işim bilen eklemäge taýýar, ýöne ýas gözleýän mollalara goşulyp, molla boldy, şoňa gynanýan" diýdi. Agam gyzyna göwünlik berip: ’Şükür et, gyzym, geroinçi bolmandyr. Bular indi ýa molla, ýa geroinçi bolýar-a, gaýrat et, bu-da geçer?!’ diýýärdi. Emma bu geçmedi. Agam ýogaldy, giýewisi mollaçylykdan ösüp, hem neşekeş, hem arakhor, hem kgbniň şugulçysy boldy."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024