Tämiz direktor

Öňki mugallyma aýtdy:

“1982-nji ýyldda ilki işe baran mekdebimiň direktory ‘arassaçyl aýaldy’. Bu sypatlandyrmany men ilki direktor aýalyň sekretary bolup işleýän ýaş gyzdan eşitdim. Ol ýylgyryp: ‘Öýüne barsaň, haýran galýarsyň, gaz plitasy täzeje dur, entek üstünde nahar bişirilmedik ýaly’ diýdi. Men ilki muňa göni manysynda düşünipdirin. Soň bir gün günortanlar ýygnak boldy-da, direktor özi bilen goňşulykda ýaşaýan mugallyma ýüzlenip: "Gülsoltan, sen irräk git-de, nahar bişirsene!" diýdi. Ol ’bolýar’ diýip, turup gitdi. Ýygnakdan soň men işden bile gaýdýan kärdeşlerimden direktoryň naharyny köplenç onuň töwereginde ýaşaýan mugallymalaryň bişirip eltýändigini eşitdim. Direktoryň içerini hem mugallymlara gezekleşip kakýan, syryp-süpürýän ekenler. ’Bäh, bu mekdepde aýal bolup işlemek kyn eken-ow’ diýip, men içki pikirimi daşyma çykardym. Kärdeşlerim güldüler: ’Ýok, ol aýal-erkegi deň tutýar, erkekler remont-bejergi işlerini edýärler, birinji gatda tapçan-beýlekisini edýän, dükandan agyrrak zatlary satyn alyp getirýänler hem biziň mugallymlarymyz...’ Şondan biraz soň okuw bölüminiň müdiri direktoryň üstünden ýokaryk arza ýazdy. Arzada direktoryň mekdebe berlen kondisionerleri, telewizory we ýene birnäçe zady öz öýüne äkidip ulanýandygy aýdylypdyr. Direktor raýonada işleýän tanşyndan arzanyň mazmunyny bilip, gije mugallumlara öýüne äkiden zatlaryny yzyna, mekdebe getirdipdir. Barlag gelende arzada aýdylan zatlaryň hemmesi ’ýalan’ çykdy, arzaçy aýala käýinç berdiler..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024