Öňden gelýän tejribe

Adam aýtdy:

"1980-nji ýyllaryň başynda Halk hojalyk institutyny tamamlap, barlagçy bolup işe başladym. Öňden işläp ýören barlagça goşup, aýakgap fabrigine barlaga iberdiler. Barlagyň arasynda fabrigiň jogapkär işgäri öz öndürýän çaga aýakgaplaryny görkezip, ’işgärlerimizden sowgat, şulardan çagalaryňyza boljagyny özüňiz saýlap alyň’ diýdi. Men ölçeglerine seredip, iki çagamyň hersine bir aýakgap aldym. Görsem, ýoldaşym iň kiçi ölçegli aýakgaplardan bir toparyny alyp, uly kagyz gapyrjaga saldyryp otyr. Fabrigiň işgäri aňyrrak gidende, ’beýle kiçi çagaňam-a ýok, munça bäbek köwşüni näme üçin aldyň?’ diýip soradym. Ol: ’Aýalym bäbek görmäge gidende äkider ýa başga bir deşigini tapar... Senem al, mydama muň ýaly elpe-şelpelik duşup duranok’ diýdi..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024