Surat

Yzda galanyň gaýgysy

Aýal aýtdy:

"Geçä jan gaýgy, gassaba - ýag’ diýleni. Jan gaýgysy bilen ýurtdan gaçypdyk. On dört ýyldan soň, tutda-baslyklaryň arasynda bir böwşeňlik aralaşdy-da, ýurduma dolandym, dogan-garyndaşlarym bilen görüşdim. Ejem razy boldy, kakam aýrylypdy, gaýyn atam razy boldy, gaýyn enem ýüregini tutup gidipdi... Emma günüm sanalgydy, öz ýurdumda myhmandym, wizamyň möhleti dolmanka yzyma, gelen ýerime gaýtmalydym. Häkimiýetlere ýaraýan adamyň aýaly däldim... Emma diňe häkimiýetler däl, görüp otursam, obada ýaşaýan mugallym ýüwürjim hem nägile eken. ’Siz gideňizsoň, Aşgabada barsak, myhmanhanada ýa kireýine alnan jaýda bolmaly bolýarys. Bir gezek mugallymlary kämilleşdiriş okuwyna çagyrdylar, bir aýlap kwartirant boldum, pul töläp...’ Dilime söz gelmedi. Diňe wizamyň möhleti dolup, uçara münüp, asmana göterilenimden soň ýadyma düşdi: konfiskasiýa edilen kwartiramyzy almakak bizem alty ýyl kwartirant ýaşapdyk. Soňam kän kwartirant ýaşadyk..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024