Region haýrany
Adam aýtdy:
“A. obada ýaşaýardy, emma regionyň edebiýat wekili (şo wagtlar şeýle wezipe bardy) hökmünde paýtagtdaky ýygnaklara gatnaşardy. Bir gezek ol şeýle ýygnaklaryň birinde G.-ni öwdi. ‘Üýtgeşik gowy goşgulary bar, täze poeziýa’ diýdi. Regiondaşlary ony agşam it alan sanaja döndürdiler. Şondan soň ol başga regiondan çykan şahyr-ýazyjyny hiç öwmedi, diňe öz regiondaşlaryny öwdi...”