Surat

Milli problema

Aýal aýtdy:

"Ýetmişinji ýyllarda uniwersitetde okamda bäş ýyllap gyzlar bilen umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşadym. Okuwda, uly arakesmede uniwersitetiň howlusynda çeburek satylardy (O wagt bu ýaga bişirilen gutabyň adynyň tatarlaryň çig börek sözünden gelip çykandygyny bilmeýärdik, türk dili türkmen diline beýle ýakyndyr diýen pikir kellämize myhman hem bolmaýardy.). Bilýän zadymyz açlykdy. Oglanlar käte basa-bas bolýan nobata durup, şol çeburekden dört-bäşisini satyn alardylar we daşarda, çem gelen ýerde çommalyp ýa dik durup iýerdiler. Emma gyzlaryň daşarda çeburek iýip durany ýadyma düşenok. Biz okuwa gidemizde adatça sumkamyza el ýaly çörek ýa köke-söke salardyk (togsanlyk köke!). Student naharhanasynda bişirilýän naharlar hem kän göwnümizden turmazdy. Diýmek, aç bolmajak bolsaň, umumy ýaşaýyş jaýynda kadaly nahar bişirmek we naharlanmak galýardy. Emma munuň üçin bir otagda bile ýaşaýan gyzlaryň bilen umumy dil tapyşmalydy, orta deň pul goşup, gezekli-gezegine dükana gidip, nahar bişirip, bileje naharlanmalydy, soň içerini bileje ýygnamalydy we ş.m. Özüň bilýäň, sowet dükanlarynda islän azygyňy tapyp bolmaýardy we köplenç bolanja zatlar bilen mydar etmeli bolýardy. Ýöne kä zatlary bolan wagty köpräkden alyp goýsaň, hemişe kartoşka ýa aş, gowurdak çorba bişirmeli bolmaýardyň. Gowurdak-jigirdegem köplenç obadan täze gelen wagtlarymyzda ýa yzymyzdan biri gelende bolardy. Ýadymda, bir gün dükanda sygyr konserwasyny gördüm-de, gelip bir otagda bile ýaşaýan gyzlaryma aýtdym. ’Pul goşunyp, köpräk alyp goýalyň, soň ýumurtga çaksagam, kartoşka gowuramyzda goşsagam, kelemli çorba atsagam, hezil ederis’ diýdim. Emma olar ’ýog-eý, gerek däl, konserwadanam bir nahar bormy’ diýip, maňa güldüler. ’Onda özüm aljak, soň ’ýeke iýýäň’ diýmäň, berjek däldirin’ diýdim. ’Alaweri-de iýeweri’ diýdiler. Diýşim ýaly etdim, emma her gezek adym ’utançsyz’ boldy, ’hödür etmän, ýeke özi iýip otyr-da’ diýdiler. Ondan bäri elli ýyla golaý wagt geçdi. Emma milletimizde şol bir ýagdaýy görýärin, olar meniň bir otagda bile ýaşan gyzlarym ýaly, gün-güzeran üçin edil özlerine, çagalaryna gerek, zerur edilmeli zady aýtsaňam, hiç ’hä’ bermeýärler, üstesine-de aç we, eger öňünden konserwa alyp goýan bolsaň, seni utandyrjaklar. Sebäbi konserwaňy paýlaşaňokmyşyň. Eger dözmezlik edip paýlaşsaň, olara her gün şol gerek, onsoň senem çagalaryň bilen aç galmaly, hor bolmaly, belki-de bir gün ogurlyga ýüz urmaly, türmä gitmeli. Bizde türme şunuň üçin gowzamaýarmyka diýýärin..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024