Garaşsyzlyk logikasy
Adam aýtdy:
"Her hili logika bar. Tiredeşlerimiň biri başlyk boldy, ’gutlaýyn’ diýip öýüne bardym. Gadyrly garşy aldy. Öňki işgärlerini kowup, täze işgär alýan eken. Ol maňa-da iş teklip etdi. Emma meniň işim bardy, başlygymdan hem razydym, özümden kiçem bolsa, edep-terbiýeli maşgaladan çykan, sowatly oglandy, iş gatnaşygyndan başga artykmaç gep-gürrüňi ýokdy. Tiredeşim ilki meniň iş üçin däl-de, ýöne gutlamak üçin gelenime ynanyp bilmedi, ’işsiz ogul-gyzyň, inileriň ýa tanşyň hem ýokmy?’ diýip, gönüläp sorady. Men ’ýok’ diýen manyda başymy ýaýkadym, sebäbi soňky ýyllar işe ýerleşmegiň nähili müşgüllige öwrüleninden habarlydym we keýpine, duran ýerimden hapa girmek islemeýärdim. Tiredeşim meni ugradyp barýarka işgärlerinden zeýrendi: ’Men olary ýeke-ýekeden kabinetime çagyryp, ’eger sen meniň arkamdan her aýda 100 manat gazanýan bolsaň, şonuň 20 manadyny maňa bereňde näme bolýar, saňa ýene 80 manat galaýr ahyryn’ diýýärin. Käsi akylly, söze düşünýär we derrew dil tapyşýarys. Emma şeýle syrnyhlar bar, diýýän zadyňa düşünmedik bolýarlar. Oň ýalylary kowup, ýerine düşbüje oglanlary almasaň, başlyk boldugyň bolmaýar..."