Surat

Ýene bir rekord

Adam aýtdy:

"1970-nji ýyllaryň aýagynda uniwersitetde Gandym Ballynyň sapagyny alyp, köne türkmen ýazuwyny öwrenen bir student oba kanikula gidende, çagasy bolmaýan gelnejesiniň molladan alan dogasyny açyp okapdyr. Görse, doga diýilýände ’Itim-itim, itime, itiň s...i g...ňe, dogurdyň nä s...e, dogurmadyň nä s...me’ diýlip ýazylan eken. Bu doga-tumaryň mazmuny birki günde ol studentiň 70 kursdaşyna mälim boldy, soň bütin fakultete, ondan soň uniwersitete, beýleki okuw jaýlarynyň studentlerine we mugallymlaryna, Aşgabada we bütin ýurda ýaýrady. ’Bütin ýurda ýaýrady’ diýýänimiň sebäbi, men uniwersiteti gutaryp, žurnalist bolup işledim we ýurduň çar künjeginde iş saparynda boldum. Gazetiň tabşyrygyndan soň, görşen, duşuşan adamlarymyň ýanynda özümi gyzyklandyrýan meseleler hakynda, şol sanda bilgiçler, islendik dert üçin doga satýan mollalar hakynda-da sorardym. Şonda köp ýerde ’itim-itimli’ doganyň mazmunyny täzeden diňlemeli boldum. Diýjek bolýanym, adamlar bisowatlyga gülýärdiler. Emma garaşsyz ýurt bolup, çagalarymyza has gowy bilim bermek, olary özümizden has ösdürmek barada eden arzuwymyz başa barmady. Magaryf ýykyldy, saglygy saklaýyş çökdi, adamlar ýene-de köpçülikleýin molla, bilgije ýykylyp başladylar. Obalarda derdine derman, ýüregine ynanç ýa göwnüne direg gözleýän çäresiz adamlaryň, esasanam aýallaryň ol ýa bu ýerde dörän täze bilgije topar-topar bolup, awtobus tutup gidýändigini eşidýärin... Beýle çalt şeýle yza gaýdyp bileris öýtmändim. Bizi, eger her ýyl doga satýan mollalara, palçy-bilgiçlere ýüz tutýan adamlaryň sanyny we bu sanyň ösüşini dokumentleşdirsek, öňe gitmek däl, yza gaýtmak meselesinde hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizerler..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024