Egri agaç
Adam aýtdy:
"Adama düşünmek kyn. Aýdaly, biri namaz okaýar. Ozal içipdir, çekipdir, gaýdan zady bolmandyr, sebäbi bile işlän, tirkeşen ülpetleri şeýle eken. Indi toba edendir diýýärsiň, sebäbi ýetmiş ýaşapdyr, iki sözüniň birinde ’hudaýdan gorkýaryn’ diýýär. Emma düýn maşgala mukaddesligi hakynda gürrüň edip, şol aralykda-da ne öz maşgalasyny, ne iliňkini sylan, başarsa bütin dünýäniň aýal-gyzyny höwes bilen basgylajak birini arsyz adam hökmünde ýatlady... Ýa adam hiç toba gelip bilmeýärmikä? Düzelip bilmeýärmikä?"