Elli ýyllyk tejribe
Adam aýtdy:
"Elli ýyl bäri synlaýaryn. Müňlerçe ene-ata bar, millionlarça ene-ata bar, çagasyna okuw kitabyndan başga birje kitap satyn alyp bermeýän, çagasyna birje erteki okap bermedik... Olar işli, çagasynyň öý işini barlamaýar. Emma olaryň içinde ýeser, ugurtapyjy ene-ata hem kän we barha-da köpelýär. Olar para berip, çagasyna gowy baha alyp berýärler, gerekli adamlary tapyp, ony ýokary okuwa salýarlar, süýrege alýar, jogapkär işe ýerleşdirýärler we ösdürýärler. Olar akylly, durmuşy teoriýada däl, praktikada gowy bilýärler... Hemem çagasyny kiçilikden iş edinýän, ony okatjak bolup hakyna mugallym tutýan, mekdepden daşary klaslara gatnadýan ene-atalara kesesinden ýylgyrýarlar. Netijede, okandan okamadyk diplomly köpelýär, dokandan dokamadyk halyçy köpelýär. Hemmesine-de haly gerek. Hiçisi kilime kaýyl däl. Halyly hem bolýarlar. Ýöne soň, hemmesiniň bolmasa-da, köpüsiniň haly harap bolýar. Sebäbi olar bir-biriniň halysyna göz gyzdyrýar, bir-biriniň başyny iýmäge, aýagyny köwmäge çalyşýar. Emma olar munuň näme üçin beýle bolandygyna düşünmeýärler."