Iki mekdebiň tapawudy
Öňki mugallym aýtdy:
"Iki mekdepde işledim. Birinjisinde direktor mugallymlary kabinetine çagyryp, ’pylan mekdepde işleýän pylany bize işe geljek bolýar, kim tanaýar?’ diýip soraýar. Mugallymlaryň biri ’men tanaýan, ozal bile işledim, işini gowy bilýär, ýöne gaty kanunçy’ diýýär. Direktor ’onda işe almalyň’ diýýär. Ikinji mekdepde hem direktor mugallymlardan maslahat soraýar: ’Pylan mekdepden pylany bize işe geljek bolýar, kim tanaýar, gowy mugallymmy?’ Mugallymlaryň biri aýdýar: ’Men tanaýan, gowy mugallym, kim gelse-de, ikilikçä bäşlik goýmaýar, kanunyň her harpyna hormat goýýar’. Direktor: ’Oň ýaly bolsa, gözleýän adamymyz eken, işe alalyň’ diýýär.