Aýaga çolaşan ýaşulular
Adam aýtdy:
"Oglankak ulularyň kiçilere ‘aýagyma çolaşma, aýagyma çolaşyp aldyň-aý’ diýen ýaly igençlerini kän eşiderdik. Arada bu aňlatma birden ýadyma düşdi-de, hiç kellemäden çykmady. Geň ýeri, bu aňlatma meni kiçiler, oglan-uşak bilen baglylykda däl-de, ululular, özümden ýaşuly adamlar bilen baglylykda pikirlendirdi. Bizde ulyny sylamaly diýýärler. Emma indi yzyma seretsem, biziň sylan uly başlyklarymyz, ýazyjy-şahyrlarymyz, žurnalistlerimiz, alymlarymyz we beýleki intelligentsiýa wekillerimiz aýaga gaty erbet çolaşan eken we men milletimiziň şu günki hala düşmegini ozaly şol ýaşulularymyzdan görýärin. O häzirki telpekliler, ak sakgallary bilen ýalançylygy, talaňçylygy ýapjak bolýanlar barada gürrüň edemok... Olar bilen işimizem ýokdy. Intelligent, okuwly, tejribeli, özümizden öňdäki adamlar diýip, atly ýazyjy-şahyrlardan, žurnalistlerden, beýlekilerden goldawa garaşypdyk. Emma olar baryp ýa golaýlap bilse, hemmesi diýmäýin, köşkden ýa prezidentden özleri, maşgalalary üçin bir zat goparjak, aljak bolýardy. Ilki, orta çykyp, öz neslimiziň sözüni diýjek, aýtjak bolup ugramyzda, biri ‘garry gwardiýa goýbermez, size ýol bermezler’ diýipdi, emma şol wagt oňa üns bermändirin. Indi düşünýärin. Belki, indi özümem garry gwardiýa öwrülendirin. Emma köşkden ýa prezidentden zat aljak bolmadym, orden-medalym ýok we bu taýpanyň adamy bolmandygyma şükürler edýärin. Belki, şu-da meniň hudaýlygymdyr, hökümetiň halkdan talan pulunyň hasabyna alnan uçarda mugt haj zyýarayna gitmekçi bolmaýaryn. Alla ýa hudaý, ýa taňry diýilýän närse bar bolsa, meniň zyýaratym görnetin, göz-görtele haramdan, ogurlykdan, ýetimiň-ýesririň hakyny iýmekden saklanmak. Ýöne indi ýurduň düşen güni, ezilýän halk we barha örňäp-ösýän bisowatlyk ýadyma düşende, öňküler ýaly ýüregim däl, aýaklarym agyrýar. Sebäbi olara ýaşulular, atly ýa atly-şöhratly bolmak üçin her zada taýyn ‘intelligentler’ kän çolaşan eken."