Garaw bolmasa...
Adam aýtdy:
"Gözüň kütelmezligi üçin gözüň düşýän reňkelerini köpeltmeli diýip eşitdim-de, işigimde dürli gülleri ekmegi pişe edindim. Soňabaka öz howlymda, haýatyň iç ýüzünde ekýän güllerim az göründi. Onsoň, haýatyň arka ýüzündäki gök otluga, köçe tarapa hem bäş-üç sany günebakar çigidini atdym. ’Gowy sary güli bolýar, daşardan gelýärkäm gözüme dynç berer’ diýdim. Ýaşaýan ýerim Ýewropa, günaşadan diýen ýaly ýagyş ýagyp, yzyndan gün çykyp dur. Günebakarlar parlap çykdy, güle durdy. Diýşim ýaly, daşardan gelýärkäm, ýiti sary gülleri görüp, gözlerim hezil edýär. Emma bir gün gülleriň biri kemeldi, ony biri bilinden jomryp, öýüne alyp gidipdir... Pikir etdim, adam haýatyň arkasynda, goragsyz ýerde ekilen, hemmäniň gözüni dokundyrýan günebakary goýanok, öýüne äkitmek isleýär, garaw bolmasa, döwlet malyny neden ogurlamasyn?"