Surat

Aga-ininiň arasyndaky uzaklyk

Aýal aýtdy:

"Sen ýurdy terk edeniňden soň obadan iniň geldi. Agşamlyk ’Agamyň radiosy nirde, "Azatlygyň" düýnki gepleşiginiň yzyny diňläýin-le?’ diýdi. ’Wah, meňem diňläsim gelýär, ýöne ol, ’özüm hakyndaky gepleşigi doly diňläp ýetişmedim, yzyny ýolda diňlejek bolaýyn’ diýip, radiosyny alyp gitdi’ diýdim. ’Wiý, özi ýazmadymy ol makalany?’ diýip, iniň geň galyp sorady. Menem geň galyp: ’Özi näme üçin özi hakynda ýazsyn?’ diýdim. ’Aý, näbileýin, hemme ýazan zadyny ilik-düwme bilýär o ýazan diýilýän, biz-ä öýde ’beýle adam ýokdur, bu agamyň özüdir, lakam bilen özi hakynda ýazandyr’ diýip pikir etdik’ diýdi. Inisi agasyny tanamasa, ýa ol hakynda şeýle pikir etse, kesekiden dagy zady gaty görmelem däl..."

1998-2017 ýý.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024