Surat

Beýikligiň şerti

Adam aýtdy:

"Ol kakasyny öwýär, oňa ussat, beýik hudožnik diýilmegini isleýär. Dogry, çaga, onda-da gyz çaga üçin ene-atadan eziz zat ýok. Kakasyny ýagşylykda ýatlaýan çaga garşylygym ýok, belki, bu perzendiň iň uly borjudyr. Magtymguly aýtmyşlaýyn, adamyň ýamanyny örtüp, ýagşysyny ýaýyp bilseň, oňa ýetesi näme bar? Ýöne başga-da bir ajy hakykat bar: hakyky ussat ýa beýik hudožnik islendik režimde sylagly... bolup bilmeýär. Ol kakasyna berlen at-derejeleri sanap, onuň döşüne orden dakylýan pursaty görkezýän wideofilm taýýarlapdyr. Emma, näme üçindir, ol ordeni dakýan adamyň eli görünýär-de, ýüzi görünmeýär. Has anygy, orden berýäniň elinden başga ýerini kesipdirler. Ýogsa orden dakýanam, döşüne orden dakylýanam merhum... Belki-de ol onuň (orden berýäniň) beýikliginiň ýa pesliginiň kakasynyň beýikligine kölege salaryndan ätiýaç edendir, bilmedim..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024