Surat

Adam faktory

Adam aýtdy:

“Irden ýola çykdym, köçe boş, sagatda 120-den, ortaky liniýadan barýaryn. Birinji liniýadan hem bir maşyn meniň bilen tas deň tizlikde, biraz yzrakdan gelýär. Şol wagtam üçünji liniýada bir maşyn peýda boldy, gyssanmaç bolarly, menden ozdy we öňümi kesip, derrew ortaky liniýa geçdi we ondan uzak gitmän, birinji liniýadan gelýän maşynyň öňüni kesip, saga geçdi. ‘Bu näme beýdip ýör?’ diýip, gazy gowşatdym. Şol wagtam ol öňdäki çykytdan sowlup, başga ugra gitdi. Düşünmedim, adam hä diýmän sagdaky çykytdan sowuljak bolsa, çepden gelip, iki maşyndan ozup, howply ýagdaý döredip ýörmäk nämä gerekkä?.. Ýa ozmak şeýle möhümmikä?.. Işe geldim, ýygnak başlandy. Adatça bolşy ýaly, başlyk günüň meseleleri bilen bagly pikir-tekliplerimiz bilen gyzyklandy. Pikirimi aýtjak bolýaryn, kärdeşlerimiň biri ara goşulýar. Bu onuň ädehedi. Aýyn bolmasa-da ýazyjy atasy, ýazyjy kakasy, ýazyjy gaýny hakynda gürrüň berer. Yza çekilemkden gowusy ýok, sanaşsaň, öz deňine düşürer. Sägindim, olam uzak gitmän sägindi. Bilýärin, aýdara zady ýok. Ýene bir zat aýtjak bolýaryn, ol ýene ara goşulýar, edil häzirki iş bilen dahylsyz ýa asla baglanyşygy ýok bir zadyň gürrüňini edýär. Ýene garaşýaryn, beýlekilerem garaşýar. Onsoň onuň özi oňaýsyz ýagdaýa düşüp goýýar. Ýene biri bir zat aýtjak bolýar, ol ýene durup bilmeýär... Ýoldaky maşyn, awariýa ýagdaýy ýadyma düşýär..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024