Surat

Täzelik

Adam aýtdy:

"Täzelik ýok, öň bolşewik-kommunistler millionlap adamy talap, gyryp, aç galan adamlary ’ösen sosializm’ gykylygy bilen doýurdylar. Olar ýykyldy. Yzyndan gelen ’beýik’ birki ýyla ýetmän döreden açlygyny ’altyn asyr’ diýip atlandyrdy. Aç adamlar el çarpdylar, ýalandan ýylgyrdylar, has gorkanlar aýdym aýdyp, tans etdiler... O ’beýigem’ ýykyldy. Yzyndan ’açlyga däl, açlykdan gorkan adamlaryň öwgüsine çydaman öldi’ diýip gürrüň etdiler. Emma ondan soň gelenem açlygy, diýmek, gorkan adamlaryň öwgi-taryplaryny saýlap aldy we çaý-çöregi gaýgy adamlary ’bagtyýarlyk we berkararlyk’ gykylygy bilen doýurjak bolýar. Täzelik ýok. Emma žurnalistler üçin täzeleigiň bolmazlygy hem täzelikmiş..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024