Bu dünýede
Adam aýtdy:
"1995-nji ýylda, 12-nji iýulçylaryň gozgalaňy diýilýänden soň, bir iş bilen Şiri mollanyň ýanyna bardym. ’Aý bir tut-da-baslyk boldy, bir topar oglany myşyna basyp, alyp gitdiler. Şükür, biziň oglanlarymyz ýok içinde, birem bäş wagt namazyny sypdyranok, tüweleme. Hudaý köp görmesin!..’ - diýip, molla begenç bilen gürrüň etdi. Men o mahal mollanyň bu duýgusyny tebigy bir ahwalat ýaly kabul edipdirin. Emma soň, onuň ilki ogullarynyň, soň özüniň suddsuz-soragsyz türmä basylanyny eşidemde, güpbe şol begençli gürrüňi ýadyma düşdi. Ol ogullaryny idäp baranda tutulyp, türmä taşlanypdyr. Özi türmeden ölüp çykdy, jesedini beripdirler. Sakgaly syrylgy eken diýýärler. Ogullarynyň çykanyny eşidemok. Kim bolsaňam, bu dünýede ir begenerlik ýok..."