Surat

Aýyp

Adam aýtdy:

"Adamlar gowy ýaşajak bolarlar. Bu aýyp däl. Ýöne adamlar dogry pikir edenden, dogrusyny aýdandan çekinerler, gaça durarlar. Mysal üçin, jemgyýet ýokardan, ýolbaşçylaryň syýasy pirimi bilen neşekeşlige iteklense, sen ’neşekeşlik, neşe söwdasy erbet’ diýseň, adamlar senden gaçarlar, emma neşekeş we neşe söwdegäri ýeke galmaz, onuň ýüzläp, müňläp ’goldawçysy’ bardyr. Sen ’parahorlyk, ogurlyk erbet’ diýseň, adamlar senden gaçar, emma para berjek, para aljak, ogurlanýan ýere barjak ýüzlerçedir, müňlerçedir. Onsoň olar o hili adamlaryň gürrüňini edeni-de halamaz, belki-de ’parahorlyk’, ’korrupsiýa’ sözlerini agzaýany ýek ýigrener. Dogry, neşekeşler, neşe satanlar köplenç ömrüni köýdürer, çagalaryny horlar, parahorlar, ogrular käte tutular, türmede öler, emma bu adamlary dogry pikirlenýäniň, dogrusyny aýdýanyň ýanyna getirmez. Tersine, olar ondan has beter gaçarlar. Ýene-de gowy ýaşajakmyşlar... Bu aýyp!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024