Bolmaýan zatlar
Adam aýtdy:
"Bolmaýan zat boldy, meni ilki kompartiýanyň hataryna girmäge çagyrdylar, ’ýok’ diýdim. O partiýa tanyş-biliş arkaly, para berip ýa başga emeller bilen, şäherden oba çopan bolup gidip... girýärdiler, sebäbi ol ýokaryk çykmak üçin basgançakdy. Soň meni tanyş görüp barylýan wezipä çagyrdylar, ’ýok’ diýdim, emma alty aýlap goýman çagyrdylar, dostlarymy, hatda pensiýadaky agamy üstüme töwellaçy iberdiler. Ol: ’Ýagynyň daşyndan içi aman, bar, içinden gör, ýogsa seni goýmazlar’ diýdi. Ikirjiňlendim, ’men ol ýerde işläp bilmerin’ diýdim. Dostlarym ’synan, bolmasa gaýdyber, tutup saklamazlar, tejribe bolar’ diýdiler. Şeýdip ýokaryk, iň ýokarkynyň ýanyna işe bardym. Dogry, işläp bilmedim. Emma indi, şu wagtky akylym bolsa, ol ýere çagyrylamda ikirjiňlenmän barardym. Sebäbi ýokardan köp zat gowy görünýän eken. Men ýalan sözlemegiň nämedigini, bolmanda ýarym hakykat bilen mydar etmegi bilýärdim, sebäbi kompartiýanyň boýdan-başa ýalana ýugrulan ideologiýasynyň astynda önüp-ösüpdim, uniwersitet gutarypdym, gazet işgäri bolupdym. Ýalan ýaşaýyş kadasydy, bolmanda ýarym hakykat bilen ýaşamalydy we doly hakykata ymtylmagyň dälihana ýa türme bilen gutarjagyny her kim bilýärdi. Gepiň keltesi, iň ýokarkynyň ýanyndaky sabrym zordan dört aýa ýetdi, dostlaryma ’üç aýa ýetmän gaýtmaly bolaryn’ diýipdim. Oňa bilimdäki korrupsiýa barada edýän pikirimi, bu ýagdaýyň soň agyr netijelere eltjegini düşündirjek boldum. Ol sypýayçylyk etdi, emma şondan soň meni iň ýokarkynyň kabinetine goýbermediler. Gönümel başlygym, ozalky pikirdeşim hem kärdeşim, ýokarkynyň tabşyrygy bilen meni işe çagyran ’dostum’ basyşyny, gündelik nadaralygyny güýçlendirdi. ’Besdir’ diýdim we işden çykmak baradaky arzamy ýazdym. Ol arzany eline alyp, ýokarkynyň ýanyna ylgap gitdi. Emma birsellemden ýüzüni sallap gelip, ’bu ýeri arza berlip gelinýän we arza ýazyp çykylýan ýer däl’ diýdi. Soň olar meni iberer ýaly ýer gözläp başladylar. Arasynda bir kärdeş bu ýerde nähili hor bolmazlygyň ugur-ýoluny görkezdi: ýanymda golaýdaky etraplaryň biriniň häkimine telefon etdi, pylança pul gerek diýdi. Bir sagatdan diýlen pul geldi, ol ony köşkden çykyp, gapdaldaky kitap dükanyň işiginde, häkimiň elinden alyp, kabinetine getirip, daşyna dolangy gazetini aýryp görkezdi. Bu, soň düşünişimçe, ýokarkynyň tabşyrygy bilen görkezilen ’ýoldy’... Ahyry, bolmajagyny bilendirler-dä, maňa başga iş tapdylar, şäher gazetine redaktor bellediler. Men ’ol ýerde işlejek däl’ diýdim. "Ýaşuly seni sylap, wezipe berdi, karara gol çekdi, sen näme dälimi?’ diýip, ozalky dostum, edil işe çagyranda ejizleýşi ýaly, gözüne ýaş aýlady. ’Sen meni kyn ýagdaýda goýýaň, bolmanda şuny pikir et?!’ ’Meni öňki ýerime, žurnala iberäýiň, ýönekeý habarçy bolup işläýin, ýogsa-da öňki bölüm müdirligimi beriň’ diýdim. Ol ýene ylgap ýokarkynyň ýanyna gitdi. Şondan soň kän wagt geçmän meni öňki işlän žurnalymyň baş redaktorynyň orunbasarlygyna (ýogsa ol ýerde ozalam bir orunbasar bardy) bellediler. Bu, eger-de propaganda ýeterlik goşant goşsam - başlyk bellenjegim baradaky yşaratdy. Ol yşarata menden öňürti žurnalyň pensiýa ýaşyndaky baş redaktory, onuň pensiýa ýaşyna golaýlan orunbasary, olardan-da beter ozal has ýokarlarda bolan we ýene ’bagtynyň açylmagyna’ garaşýan müdir ’dostum’ düşündi. Dogry, olar maňa - geljekki potensial başlyklaryna gönüläp bir zat diýip bilmeýärdiler, emma gözlerinde ’meniň göz dikip oturan kürsimi elimden alma-da’ diýen sessiz nala bardy. Men bu ahy-nala zordan alty aý çydadym we bir bahana boldy-da, derrew işden çykmak baradaky arzamy ýazdym. Olar bu bagta hiç ynanyp bilmediler, ýanyma gelip, gülüm-ýalym etdiler, ’ýitme, salama gelip dur, biz seni gaty sylaýas’ diýdiler. Emma men öz ’dostlarymy’ ýene we ýene begendirdim, yzly-yzyna türmä düşdüm. Ol ýerde meni ’gaty sylan’ adamlaryň aýagymdan ýazan arzalarynyň mazmuny bilen tanyşdyrdylar... Bolmaýan zat boldy, men bu zatlary gülüp gürrüň berip bilýärin."