Ganybir doganlyk
Oglan aýtdy:
"Ýewopa okamaga barýan student, Türkmenistandan geldim, uçardan gijä galýan" diýip, Stambulda taksä münemde gatyja ýalňyşdym. Taksiçi hasap enjamyny öçürdi-de, tutdy bir tükeniksiz doganlyga. ’Ganybir gardaşymsyň sen, janymsyň, jigerimsiň...’ ’Hasap enjamyny işlet, soň oňuşman durmaly’ diýsem, ’gerek ýok, sen meniň gardaşymsyň, janymsyň’ diýip, geplemäge goýanok. Ahyry agzy-agzy ýetmän gürläp, aeporta getirdi we ozal bu aralyga töleýän pulumyň üç esseini aýtdy. ’Beýle zat bolmaz, men öň mundan az pula geldim bu ýere, bilýän’ diýsem, ’polisi çagyraýynmy onda, uçakdan gijä galmazmyň?’ diýýär. Sagadyma seretdim, wagtym gaty az, uçardan galsam, çykdajym has köp boljak. Diýen puluny berdim-de, ’haram bolsun’ diýdim. Ganybir doganym maşynyň bagažyndaky çemodanymy elime tutdurdy-da, süýji ýylgyryp: ’Olsun, olsun!" diýdi.