Ýurt nähili ýykylýar?
Öňki žurnalist aýtdy:
"Ýurt ýa daşyndan çozup, ýa-da içinden, başynda ederini bilmez, bileniňkä hem gitmez gedem oturdylyp ýykylýar."
Öňki mugallym aýtdy:
"Ýurt mekdeplerde ýykylýar, düzüw mugallymlary ýykyp ýykýarlar ýurdy... Ene-atalar ýykýar, özleri gelip däl, terbiýesiz çagalaryny iberip. Olar kän. Iň erbedi, olaryň öýde kitap gatyny açman gelmekleri hem däl, mugallymda öz işine ynamy öldürmekleri.. Berkräk mugallymlar olara baha goýmaýar, emma ene-atalar direktory görýär, ýene bir zat edýär, garaz, ikilikçi üçlük, käte bolsa dörtlük, bäşlik baha alýar. Soň olaryň içinde ýokary okuw jaýyna girip, ýörite mekdebe gelip, ikilik goýan mugallyma student biledini görkezip, ‘içiň ýansyn’ diýip gidýänler hem bar. Netijede, senedini sylaýan mugallymlar barha azalýar, özlerinden beter mugallaymlary zaýalaýalar bular, şeýdip geljegini gömýär millet..."
Öňki ministr aýtdy:
"Öňräkden gelýär bu, biz ýykdyk ýurdy. Obadan çykyp, soň obada, gowaçaň içinde galan doganlarymyzyň çagalaryna gol uzatdyk. Okanlaram boldy, emma ýetmişinji ýyllardan bäri telefon, tanyşyk bilen diplom alan ýüz müňlerçedir. Ýekeje doganymyň ogluny saldym okuwa, ömür okajak adam däldi. Emma naçar doganym ýüzüni saraldyp gelensoň (bahanamyz şu!)... ‘Berk oka, eliňden kitap düşmesin, ekzamenleňden özüň geç’ diýip, günde irden tabşyryp gidýän, işde ýygnak geçirip otyrkam jaň edýär: ‘Daýy, pylan sözüň manysy näme, düşündürsene?’ diýen bolup. Nämemiş, okaýarmyş... Meni oýnan bolýar, hiç zada gerek däl sözi sorap. Ýurdy biz şolar ýaly ýegenlerimizi, inilerimizi diplomly edip ýykdyk..."