Ynam meselesi

Adam aýtdy:

"Hakykatçydym, hudaýa-da, halka-da ynanýardym. Il-günüme uly hormatym bardy. Başlygym bilen dawalaşyp, töhmet bilen türmä basyldym. Ýarym aç, içim ahmyrdan doly, yzyma göz dikip otyryn. Hakyky jenaýat edip düşenleriň köpüsi mes, yzlaryndan zat dökülip dur. Meniň yzymdan gelýän zat ujypsyzja, sebäbi aýalymyň geçirenje zatlarynyň ýarysyny türme başlyklary, sakçylar ogurlaýar, sesimi çykaryp bilemok. Bir gün aýalym bilen ’swidanýe’ berdiler. ’Il-gün, doganlarym habar tutýarmy?’ diýip soradym. ’Hawa, gyzyň doglan gününiň ertesi direktir iniň geldi, otpuskasyny alypdyr, jübüsinden bir petde pul çykaryp, telewizoryň üstünde goýup, uly jaýda ýassyk tirsekläp çaý içdi. Gyzjagazym baryp, doglan gününe daýylarynyň beren sowgatlaryny, täze hytaý köýnejigini görkezdi, gutly bolsunam bermedi.’ ’Goňşular habar tutýarmy?’ diýdim. ’Ýok, ýöne gapyda üýşüp, gybat edýänlerini eşidýän, sen uly möçberde para bilen tutulanmyşyň, türmede çüýrejekmişiň...’ Türmeden çykdym, ýöne hakykata, hudaýa we halka ynamymy ýitirdim."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024